2023-nji ýylyň oktýabr aýy howa gözegçilikleriň taryhynda iň maýyl aý boldy

  • 10.11.2023 08:36
  • 7k+

Geçen oktýabr aýy ortaça 15,30 dereje Selsiýa bilen dünýäde howa gözegçilikleriniň taryhynda iň maýyl aý boldy. Bu barada Copernicus Ýewropanyň howanyň üýtgemegi baradaky gullugy habar berdi.

“2023-nji ýylyň oktýabr aýy howa gözegçilikleriniň taryhynda dünýäde iň maýyl aý boldy: atmosferanyň aşaky gatlaklarynda howanyň ortaça temperaturasy 15,30 dereje boldy, bu 1991-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwürde oktýabr aýlaryndaky ortaça temperaturadan 0,85 dereje ýokarydyr we 2019-njy ýylyň öňki iň maýyl oktýabr aýyndan 0,40 dereje ýokarydyr " - diýip, hyzmatyň web sahypasynda çap edilen beýanda aýdylýar.

Meteorologlar, aýyň umuman senagatdan öňki 1850-1900-nji ýyllar aralygyndaky oktýabr aýynyň ortaça temperaturasyndan 1,7 dereje maýyl bolandygyny aýdýarlar. Deňziň üstündäki temperatura hem oktýabr aýy üçin rekord derejä - 20,79 gradusa ýetdi.
Copernicus-yň direktorynyň orunbasary Samanta Berjessiň sözlerine görä, oktýabr 2023-nji ýylda rekord goýan aýlaryň dördünjisi boldy. "2023-nji ýylyň iň yssy ýyl boljakdygyny we häzirki wagtda senagatdan onuň öňki temperaturadan ortaça 1,43 dereje ýokary boljakdygyny ynamly aýdyp bileris" – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


08.03.2025 17:27
2.8k+

Neýroulgam howanyň seljermesini gowulandyrmak üçin bulutlary “çyzmagy” öwrendi

Russiýaly barlagçylar neýroulgama emeli hemra suratlarynda bulutlary we gary “çekip görkezmäge” mümkinçilik berýän CSIA (Climate Structures Inpainting Augmentations) usulyny işläp düzdüler. Bu okuw maglumatlarynyň...

10.12.2024 16:31
5k+

Google-iň täze emeli aň guraly 97% takyklyk bilen 15 günüň howasyny çaklap bilýär

Google DeepMind täze emeli aň modeli bolan GenCast-y işläp düzdi. Bu model 15 güne çenli howa maglumatlaryny ýokary takyklyk bilen çaklap bilýär. Modeliň howanyň şertlerini çaklamak prosesi bary-ýogy 8 minut dowam...

12.11.2024 17:58
6k+

Ýaponiýanyň meterologiýa boýunça esasy emeli hemrasy bölekleýin hatardan çykdy

Ýaponiýanyň meterologiýa boýunça esasy emeli hemrasy bolan "Himawari-9" (Günebakar-9) bölekleýin hatardan çykdy. Ýurduň Milli meteorologiýa dolandyryş Merkeziniň aýtmagyna görä, ol ilkinji nobatda Ýeriň ýüzünden...

08.08.2024 16:16
14k+

Ýeriň iň sowuk nokadynyň iň ýyly temperaturasy hasaba alyndy

Häzir Antarktidada gyş pasly dowam edýär – iýul we awgust aýlary yklymyň iň sowuk aýlary hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, 6-njy awgustda Merkezi Antarktidanyň “Wostok” stansiýasynda gözegçilikleriň tutuş taryhynda...