Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iş saparyny tamamlap, Aşgabada geldi

  • 09.11.2023 22:35
  • 6k+

Şu gün, 9-njy noýabrda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammiti öz işini tamamlady. Sammite gatnaşyjylaryň hormatyna Özbegistanyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi.

Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkendiň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline bardy.
Bu ýerde döwlet Baştutanyny Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we doganlyk ýurduň beýleki resmi adamlary ugratdylar.
Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende, Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar, Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Ilçihanasynyň wekili garşyladylar.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......