Ýaponiýada suwasty wulkanyň atylmagy netijesinde täze ada emele geldi

  • 09.11.2023 22:17
  • 25k+

Tokio uniwersitetiniň ýanyndaky Ýertitremeleri öwreniş institutynyň hünärmenleri suwasty wulkanyň atylmagy netijesinde diametri, takmynan, 100 metre barabar bolan täze adanyň emele gelendigini habar berdiler.

Tokio uniwersitetiniň ýanyndaky Ýertitremeleri öwreniş institutynyň hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, Io adasynyň (Iwodzima ady bilen hem tanalýar) sebitinde suwasty wulkan atyldy.
30-njy oktýabrda gyzdyrylan magmanyň suw bilen gatnaşyga girýän birnäçe freatiki partlamalaryň suratlaryny düşürmek başartdy. Institutyň habaryna görä, emele gelen daş bölekleri 50 metre çenli beýiklige çykypdyr.
Partlamanyň bolan ýeriniň ýakynynda diametri, takmynan, 100 metre barabar täze ada tapyldy. Hünärmenleriň pikirine görä, wulkan ýene-de atylan ýagdaýynda ol hasam ulalar.


24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

08.06.2026 13:01
9.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8.1k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.7k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......