Delide howply duman bilen göreşmek üçin emeli ýagyş ýagdyrmak isleýärler

  • 09.11.2023 22:06
  • 11k+

Delide howply duman bilen göreşmek üçin emeli ýagyş ýagdyrmak isleýärler. Hindistanyň paýtagtynyň häkimiýeti şeýle meýilnamany eýýäm 10-njy noýabrda gyssagly çäre görmegi tabşyran Ýokary kazyýete hödürlemekçi bolýar diýip, MIR 24 habar berýär.

Soňky hepdede tüsse zerarly şäherdäki adamlar demigip başladylar. Howada zyýanly maddalaryň düzümi 10 esse ýokarydyr. Onuň hil görkezijisi bolsa 450-den geçýär. Şeýle ýagdaýda ol howply derejede hapalanan hasaplanýar. Güýz paslynda bu yzygiderli bolup geçýär, sebäbi hasyl ýygnalandan soň 20 million tonnadan gowrak sypal galýar we ony gadagan edilendigine garamazdan, fermerler göni ekin meýdanlarynda ýakýarlar. Netijede, ähli tüsse Deliniň ýerleşýän ýerine gelýär.
Şeýle dumanda ýurduň esasy gözellikleriniň biri bolan Täç-Mahal hem “ýitdi”. Şeýle tüsseden dem almak – bu günde 50 çilimi çeken ýalydyr diýip, hindi alymlary belleýär. Howanyň hapalanmagy adamlaryň ömrüni tas 12 ýyl azaldýar diýlip hasaplanýar. 


26.06.2026 08:04
7.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......