Türkmenistan Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

  • 09.11.2023 17:11
  • 8.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2021-nji ýylda YHG-de başlyklyk eden döwründe YHG-niň sebitinde ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip etdi.

«Olary harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň hereket etmegi üçin durnukly esasy ugurlaryň ulgamy hökmünde görýäris. Munuň üçin ýurtlarymyzyň öňdebaryjy senagat şereketleriniň, maýa goýum kompaniýalarynyň we banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ulgamlaýyn esasda ösdürmek zerurdyr» diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, bu işler häzirki zaman tilsimatlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr.

«Şunuň bilen baglylykda, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip edýäris» diýip, döwlet Baştutany belledi.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......