Aşgabat YHG ýurtlaryny kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige çagyrdy

  • 09.11.2023 17:05
  • 6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryny serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige çagyrdy.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, YHG-niň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, bu babatda biziň halklarymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlary, döwrüň hakykatlaryny göz öňünde tutup, gaýtadan janlandyrylmagy, ulanylmagy we baýlaşdyrylmagy talap edýän gymmatly tejribesi bar. Serdar Berdimuhamedow munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutmalar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdygyny belledi.

«Kiçi we orta telekeçiligiň üsti bilen işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, senagat önümleriniň käbir görnüşlerini, oba hojalyk önümlerini öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleri we niýetleri barada has giň habardar bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan «Maglumat portalyny» döretmek baradaky pikire seretmegi teklip etdi.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......