Türkmenistanda mugallymlar we terbiýeçiler üçin maslahatlar hem-de hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär

  • 09.11.2023 10:20
  • 11k+

Çagalary terbiýelemek işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin her ýyl täze usullaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Milli Bilim instituty (TMBI) Aşgabadyň we welaýatlaryň çagalar baglarynyň müdirleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

TMBI-niň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölümleriniň ylmy işgärleri öz leksiýalarynda çaganyň irki ösüşi we çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça Döwlet maksatnamasyna girizilen wajyp meseleleriň durmuşa geçirilişine ünsi çekdiler. Okuw sapaklarynyň dowamynda pedagoglar amaly işlerde öwretmegiň innowasion sanly serişdelerini ulanmagyň usulyýetini öwrendiler.
Amaly iş bilen tanyşmak we hünär tejribesini alyşmak üçin mekdebe çenli bilim edaralarynyň ýolbaşçylary 147-nji çagalar bagyna baryp gördüler.
Matematika ugurly mekdebe çenli bilim edaralarynda matematikanyň we logikanyň esaslarynyň öwredilişine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler hem gozgaldy.
4-nji noýabrdan paýtagtymyzyň 57-nji mekdebinde terbiýeçiler üçin hünäri ýokarlandyrmagyň usuly-amaly seminarlary başlandy. Bir aýyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlary nazary bilimleri alarlar we amaly iş tejribeleri bilen paýlaşarlar. Şeýle-de, bilim ulgamynda ösen we sanly tehnologiýalary ulanmagyň usullaryny öwrenmek bilen, hünär ussatlygyny ýokarlandyrarlar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......