Aşgabatda «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi öz işine başlaýar

  • 09.11.2023 10:01
  • 5.6k+

Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty badalga alýar.

«Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň ähmiýeti örän uludyr. Bu foruma telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürleriniň gatnaşmagy muny aýdyň görkezýär.
Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sergä gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesinde belleýär.

9-10-njy noýabrda dowam etjek forumyň dowamynda ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri gözden geçiriler.
Maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt—2023» innowasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu ýerde iň oňat ýaş taslamaçylar öz sanly önümlerini işewürler jemgyýetine görkezmäge mümkinçilik alarlar.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....