Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana gider

  • 08.11.2023 10:16
  • 4.5k+

8-9-njy noýabrda Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy sammiti geçiriler.

Sammite Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sammitiň gün tertibine laýyklykda, YHG-nyň çäklerinde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem bu köpugurly düzümiň işini kämilleşdirmegiň meselelerine garalar.
Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň sekretariaty Tähran şäherinde ýerleşýär.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......