Ahal welaýatyndaky kitaphanalarda hasapda duran okyjylaryň sany 105 müňden geçdi

  • 07.11.2023 14:09
  • 5k+

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Ahal welaýatynyň çägindäki kitaphanalara ýazylan okyjylar 8 müň 500-den geçip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 105 müň 250-ä golaýlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Geçen döwürde dürli mazmunly kitaplaryň 360 müň 700-den gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 54 müňi, çeper edebiýatlaryň 126 müňi, çagalar edebiýatlarynyň 103 müňi, beýleki neşirleriň hem 80 müňe golaýy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy.
Bellenilişi ýaly, welaýatyň kitaphanalarynyň bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany hem artýar. Ýylyň başyndan bäri kitaphana işgärleri tarapyndan elektron kataloga salnan kitaplaryň sany 8 müňden geçdi diýlip, habarda bellenilýär.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......