Eger siz şu gün Ferrari zakaz etseňiz, awtoulagy 2026-njy ýyldan bärde alyp bilmersiňiz

  • 07.11.2023 09:12
  • 23k+

Ferrar-niň baş direktory kompaniýanyň awtoulaglary üçin nobatyň birnäçe ýyla uzandygyny habar berdi. Isleg şeýle bir ýokary welin, italýan markasynyň 2025-nji ýylyň bütin dowamyna ýeterlik sargytlary bar. Aslynda, bu täze sargytlara 2026-njy ýyldan bärde gezek ýetmejekdigini aňladýar.

2023-nji ýyl Ferrari üçin şowly ýyl boldy. Üç çärýekde üpjünçilik 524 birlik artyp, 10418 ulaga ýetdi, bu geçen ýylyň ilkinji dokuz aýyndan 5,3% köpelendigini aňladýar. Bu Purosangue-niň heniz kuwwatyny artdyrmak tapgyryndadygyny, krossoweriň önümçiliginiň entek doly güýje ýetmändigini göz öňünde tutsaň, täsin galdyrýan üstünlik.
2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde gibridler Ferrari-niň taryhynda ilkinji gezek sap ýangyç ulaglaryndan ýokary boldy. Iýul-sentýabr aýlary aralygynda üpjün edilen 3459 ulagyň 51,3% -inde elektrikleşdirilen transmissiýa bar.
Ferrari-niň baş direktory Ferrari-niň ilkinji elektrik awtoulagynyň 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykaryljakdygyny tassyklady. Gyzykly tarapy, döredijiler topary “käbir proseslerde” möhletinden öňdedir. Şol bir wagtda, gibridler we arassa elektrik modelleri üçin ýörite döredilen täze zawod 2024-nji ýylyň iýun aýynda Maranelloda işe başlar.
Ferrari 2030-njy ýyla çenli ýyllyk satuwynyň 40 göteriminiň gibrid, 40 göteriminiň elektrikli ulag we galan 20 göteriminiň hem ýangyç bilen işleýän ulag boljakdygyny çaklaýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......