USAID Türkmenistanyň senetçilerini Gyrgyzystana we Özbegistana stadi-tura gatnaşmaga çagyrýar

  • 07.11.2023 12:40
  • 4.7k+

ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (USAID) türkmen telekeçisi Iskander Kerimow bilen bilelikde Türkmenistanyň senetçilerini öz işlerini ösdürmäge hem-de bar bolan hyzmatdaşlyk platformalary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga çagyrýar.

USAID-iň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu başlangyja gatnaşyjylar beýleki senetçiler bilen terjibe alyşmaga we öz ugurlarynda iň amatly çözgütleri gözden geçirmäge mümkinçilik alarlar. Saýlanan senetçiler sanly marketing, sosial başarnyklar we işewürlik boýunça okuwlaryň diňleýjileri bolarlar.
Mundan başga-da, maksatnama Özbegistana we Gyrgyzystana saparlary öz içine alýar we oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy ýola goýmak, logistika meselelerini çözmek we tejribe alyşmak üçin goşmaça mümkinçiliklere eýe bolarlar.
Dalaşgärler taslama gatnaşmak üçin 13-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli arza tabşyryp bilerler. Maksatnama iň üstünlikli dalaşgärleriň gatnaşjakdygy bellenilýär.
Taslamanyň maksady Türkmenistandaky senetçileri goldamakdan we ösdürmekden ybarat. USAID we türkmen telekeçisi Iskander Kerimow senetçilere öz işlerini ösdürmäge we başarnyklaryny berkitmäge kömek etjek tejribeler bilen paýlaşmak, gymmatly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin platforma hödürleýär.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......