Ýaponiýada berk, öz-özüni dikeldýän we biodargaýan plastmassa döredildi

  • 06.11.2023 15:11
  • 16k+

Tokio uniwersitetiniň alymlary häzirkilerden has berk, öz-özüni dikeldýän plastmassa ýasadylar. Şeýle hem täze plastmassa planktonyň iýmitine öwrülip, deňiz suwlarynda eräp bilýär. Täze önüm gurluşykdan başlap ulag gurluşygyna çenli we hatda ýeňil senagata çenli hem köp ugurlary öz içine alyp biler. Täze plastmassa esasly eşikler ütügiň ýa-da bug generatorynyň astynda şekil üýtgedip, fantaziýa üçin giňişlik açyp biler.

Alymlar witrimer epoksid şepbigini plastmassanyň täze görnüşi üçin esas edip aldylar. Witrimerler pes temperaturada gaty we çydamly, ýöne ýokary temperaturada görnüşini üýtgedip bilýän (plastik çüýşeleri ýasamak üçin ulanylýan termoplastika ýaly) plastmassalaryň täze bir toparydyr. Şeýle-de bolsa, olar adatça näzikdir we zeper ýetirmän sozup bolmaýar. Gözlegçiler witrimerlere politaksan molekulasyny goşmak bilen, VPR (vitrimer incorporated with polyrotaxane) diýip atlandyrylýan plastmassanyň has gowy görnüşini döretmegi başardylar.
Taslamanyň ýolbaşçysy Şota Ando: "VPR adaty witrimer epoksid şepbigine garanda zaýalanma bäş esse durnuklydyr – diýip düşündirdi. - Şeýle hem ol 15 esse çalt dikelýär, öňki görnüşine iki esse çalt gaýdyp gelýär we adaty witrimerden 10 esse çalt himiki taýdan gaýtadan işlenip bilner. Hatda bu material deňiz gurşawynda howpsuz dargaýar, bu onuň üçin täze ýagdaýdyr”.
Synagyň görkezişi ýaly, täze polimer 30 günüň içinde deňiz suwunda 25% dargap, planktonyň iýmitine öwrülýär. Ummanda plastmassa - esasy mesele we täze material bu meseläni çözmegi ýeňilleşdirip biler.


düýn 20:31
2.7k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......