Toyota ýangyn döremek ähtimallygy bilen bagly 2 milliona golaý RAV4 krossowerini yzyna ýygnaýar

  • 04.11.2023 12:09
  • 14k+

Heniz bamperleriniň gaçyp, döwlüp biljekdigi sebäpli 800 müňden gowrak Toyota Highlander krossoweriniň yzyna çagyrylmagy bilen bagly habar ýatdan çykmanka, ýapon kompaniýasy ýene-de ondanam giň gerimli yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi.

Gürrüň 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda öndürilen, Demirgazyk Amerikanyň bazaryna niýetlenen 2 million töweregi RAV4 krossoweri barada gidýär. Näsazlyk döreden mesele — akkumulýatoryň ygtybarsyz berkidilmegi bolup durýar, şonuň üçin ulag dolandyrylýan wagtynda ol ýerinden gozganyp biler we hatda gysga utgaşma döräp, ýangynyň ýüze çykmagy mümkin.
Gyzykly tarapy, kompaniýanyň özem heniz kemçiligi nädip düzetmelidigini anyklap bilenok, ýöne akkumulýatory ygtybarsyz berkidilen awtoulaglaryň hemmesiniň döwrebaplaşdyryljakdygyny aýtdy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......