Toyota bamperi bilen bagly mesele zerarly 800 müňden gowrak satylan Toyota Highlander-i yzyna ýygnaýar

  • 29.10.2023 12:34
  • 24k+

Toyota ABŞ-da, Kanadada we Meksikada Highlander krossowerleriniň jemi 800 müňden gowragyny yzyna ýygnaýandygyny habar berdi.

Munuň sebäbi öňdäki bamperiň aşaky böleginiň ygtybarsyz berkidilmegi: ol hatda çalaja urga-da çydap bilmän, gaçyp biler (mysal üçin, ýoluň tekiz däl ýerinde) ýa-da adaty ulanyş wagtynda hem düşüp biler. Şu wagta çenli hiç kim bu kemçilikden ejir çekmedi, ýöne bamperiň hatda, bir bölegi hem ýokary tizlikde barýan awtoulagyň aşagyndan gaçsa, howply ýagdaýy döredip biljekdigi barada Toyota ýatladýar.
Agzalan kemçilik 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli aralykda öndürilen Highlander-lerde tapyldy. Toyota kompaniýasynyň wekiliniň sözlerine görä, ABŞ-da 751 müň awtoulag, Kanadada we Meksikada bolsa 63 müň awtoulag yzyna çagyrylýar. Bu geçirilýän kampaniýanyň çäginde dilerler awtoulaglara üýtgedilen berkidijileri dakarlar.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....