Türkmen artistleri Bakuda TÜRKSOÝ-nyň I Halkara teatr festiwalyna gatnaşýarlar

  • 04.11.2023 12:03
  • 10k+

1-nji noýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOY-yň I Halkara teatr festiwaly geçirilýär we oňa Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki türki dilli ýurtlardan teatr toparlary gatnaşýar diýip, Türkmenistan Halkara Habarlar portaly habar berýär.

TÜRKSOY-yň teatr festiwaly özboluşly bir platforma bolup, türki dilli halklaryň baý medeni köpdürlüligini görkezýär hem-de zehinli aktýorlar, režissýorlar, dramaturglar we prodýuserler üçin öz eserlerini halkara sahnasynda görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Bu festiwalda biziň ýurdumyza Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik edýär. Olar festiwala arap şahyry Kaýs ibn al Mulawwahyň biografiki maglumatlary we goşgulary hem-de Leýli bilen Mejnunyň tragiki söýgüsi baradaky halk gürrüňleri esasynda ýazylan dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň "Söýgi we jepa" taryhy tragediýasy bilen geldiler. Spektakl 4-nji noýabrda sagat 15:00-da Bakuwdaky Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynda görkeziler.
6 sany emin agza aktýorlyk oýnuna, wakalaryň goýluşynyň logikasyna, egin-eşiklere we grime, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berer. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň hem bardygyny bellemek gerek.
Ýeri gelende belläp geçsek, guramanyň ähli agzalarynyň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Änew şäheri 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.


19.06.2026 11:22
4.2k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......