Türkmenistan Daşkentde geçirilen YHG-niň ministrler duşuşygynda ulag mümkinçiliklerini görkezdi

  • 03.11.2023 21:47
  • 3.7k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň wekiliýeti Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy döwletleriniň ulag boýunça 12-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Orient habar berýär.

Duşuşykda söwda we ulag aragatnaşygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebitde bar bolan ulag geçelgelerini ösdürmek we täze ulag geçelgelerini döretmek, olary netijeli ulanmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan hem ulag pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy goldaýar. Şonuň esasynda milli ulag infrastrukturasy işjeň ýagdaýda ösdürilýär, awtomobil we demir ýollarynyň gurluşygyna, Hazar deňzinde port hojalygyna uly maýa goýumlar gönükdirilýär, bu hem Türkmenistanyň halkara logistikasynda we ýükleri daşamakda roluny güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk agentliginiň baş müdiriniň orunbasary Batyr Annaýew ýurdumyzyň özboluşly geografiki ornunyň bolup, Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän halkara ulag geçelgelerinde möhüm halkadygyny belledi.
Ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň YHG-niň çäklerinde beýleki ýurtlar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy we ulag pudagynda halkara gatnaşyklaryny berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri görýändigi bellenildi.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......