Pekinde Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hytaý-türkmen döwletara toparynyň 1-nji mejlisi geçirildi

  • 03.11.2023 14:27
  • 4.1k+

Pekin şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça hytaý-türkmen döwletara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 1-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, hytaý wekiliýetine bolsa, HHR-iň ylym we tehnologiýalar ministri Çžan Guanszun başlyklyk etdiler.
Taraplar ylym, tehniki we innowasiýa babatda Türkmenistanda we Hytaýda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdylar hem-de bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar.
Gatnaşyjylar ylmy-barlaglarda özara gatnaşyk etmek, ylmy hünärmenleriň alşylmagy, iki ýurduň arasynda ylym we kiberhowpsuzlyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar. Mejlisiň jemlerine laýyklykda, degişli Teswirnama gol çekildi.

Hytaýyň paýtagtynda geçirilen mejlise türkmen wekiliýetiniň hatarynda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory Durdymyrat Gadamow, Himiýa institutynyň direktory Hallymyrat Ataýew, Seýsmologiýa, fizika we daşky gurşawyň atmosferasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewa, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow gatnaşdylar.


düýn 11:28
545

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

16.06.2026 12:54
4.8k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....