Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

  • 03.11.2023 14:20
  • 10k+

Öň habar berşimiz ýaly, 29—31-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna we döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.

29-njy oktýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi.
30-njy oktýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän Halkara maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we konsert geçirildi.
Şol gün Özbegistanyň Döwlet konserwatoriýasynda iki ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy guraldy.
Medeni çäräniň jemleýji gününde — 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanyň gadymy şäherleriniň biri bolan Buhara şäherinde ýerleşýän we Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesine baryp gördi.
Günüň ikinji ýarymynda Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan önümhananyň açylyş dabarasy boldy.
Şol gün Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....