TÜRKSOY-yň II Halkara teatr festiwaly Aşgabatda geçiriler

  • 03.11.2023 00:16
  • 4.6k+

TÜRKSOY-yň II Halkara teatr festiwaly ýurdumyzyň Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada TÜRKSOY-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň TÜRKSOY-yň I Halkara teatr festiwalyna bagyşlanan metbugat maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, Trend habar berýär.

“Bu yzygiderli bir festiwal bolar, ikinji festiwal Aşgabatda geçiriler. Türki dünýäsiniň teatr işgärlerini birleşdirmek festiwalyň maksatlarynyň biridir. TÜRKSOY-yň I Halkara teatr festiwalyna özleriniň iň gowy sahna eserlerini görkezjek alty ýurtdan toparlar gatnaşýar. Olar diňe bir hünärmenler däl, eýsem ýönekeý tomaşaçylar üçin hem gyzykly bolar. Festiwalyň maksatnamasyna girizilen sahna eserlerine abraýly eminler baha berer” – diýip, Sultan Raýew aýtdy.

Belläp geçsek, TÜRKSOY-yň I Halkara teatr festiwaly 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Şuşa we Baku şäherlerinde geçirilýär. Festiwal azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna, Şuşa şäheriniň 2023-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine, Azerbaýjanyň professional milli teatrynyň 150 ýyllygyna we TÜRKSOY-yň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
Bu festiwala TÜRKSOY-a agza döwletlerden, şol sanda Türkmenistandan teatr toparlary gatnaşýar. Türkmenistandan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry çykyş edýär. Şuşa şäherinde festiwalyň çäklerinde TÜRKSOY-yň agza döwletleriniň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylar Geňeşiniň 9-njy mejlisi geçirildi.


düýn 01:36
4.7k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.1k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7.1k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....