Serdar Berdimuhamedow 8-9-njy noýabrda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar

  • 02.11.2023 21:20
  • 9.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-9-njy noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitine gatnaşar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň mejlisiň barşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda Başlyklyk edýär. Bu Guramanyň 15-nji Sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Ýurdumyzyň  başlyklyk eden döwründe Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  15-nji Sammitiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat Konsensusy kabul edildi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  nobatdaky 16-njy Sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýokary derejedäki köptaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky  Başlyklygyny Özbegistan Respublikasyna geçirer.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......