Google emeli aňy işläp düzüji Anthropic kompaniýasyna 2 milliard dollar maýa goýýar. Jemi maýa goýum: 5 milliard dollar

  • 01.11.2023 11:07
  • 3.4k+

Google emeli aňy işläp düzüji Anthropic kompaniýasyna 2 milliard dollar maýa goýmak boýunça borçnamany öz üstüne aldy. Oňa laýyklykda, Google ChatGPT-iň döredijileri OpenAI-iň bäsdeşi bolan Anthropic-e 500 million dollar öňünden berer we soňlugy bilen galan 1,5 milliard dollaryny tölär. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Anthropic-iň wekili Google bilen 2 milliard dollarlyk şertnamanyň başlangyjyň indiki maliýeleşdiriş tapgyrynda aksiýa öwrüler diýdi. Bu şertnama Amazonyň şu ýylyň başynda Anthropic-e 4 milliard dollarlyk iri maýa goýumynyň yzýany boldy.
Maliýeleşdirmegiň bir bölegi hökmünde Google eýýäm 500 million dollar maýa goýdy we geljekde ýene 1,5 milliard dollar maýa goýmagy wada berdi. Bellemeli zat, Google-yň Anthropic-e täze maýa goýumyndan birnäçe aý öň, tehnologiýa ägirtleri Google Cloud bilen eýýäm bahasy 3 milliard dollardan gowrak bolan şertnama baglaşypdy. Bulut şertnamasynda Antropic Google-yň hasaplaýyş hyzmatlar toplumyny ulanar.


düýn 12:08
1.4k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
987

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....