Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy

  • 01.11.2023 10:42
  • 4.3k+

31-nji oktýabrda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy.

Türkmenistana gelen wekiliýetiň düzümine ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, saz we akrobatika sungatynyň ussatlary girizildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynda HHR-iň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Go Hunlýan gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Şensi welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýu Haýrongyň gutlag çykyşynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda, iki halkyň medeniýetiniň, özara düşünişmeginiň baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginde bu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen we hytaý halklarynyň öňden gelýän ruhy arabaglanyşygyny berkitmäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.
Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra, konsert boldy. Onuň maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasyndan parça, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazly kompozisiýalar düzdi.


“Saçbagly köşk kenizleriniň tansy” kompozisiýasy beýik Tan nesilşalygy döwrüniň keşbini, güllerden we baglardan lezzet alýan dworýan zenanlarynyň durmuşyny janlandyrýar. He Iliniň ýerine ýetirmegindäki “Ýagty aý dogan pursady” atly aýdym tomaşaçylaryň agzybirlikli el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Onuň çuňňur çeper mazmuny özünde jemleýän owazy gadymy edebiýatçylaryň durmuş we tebigat baradaky pikirlerini beýan edýär. “Ak lentanyň tansy” owadan çykyşlaryň biri bolup, ol tomaşaçylara Tan nesilşalygynyň meşhur köşk sazyny we tansyny görkezdi.
Pekin operasy teatr sungatynyň meşhur görnüşleriniň biri bolup, Hytaýyň milli buýsanjy hasaplanýar. Onda köpöwüşginli lybaslar, grim, ýokary drama ýerine ýetirijiligi, aýdym aýtmak, gepleşikler, pantomimalar, akrobatik çykyşlar we tanslar sazlaşykly utgaşýar. Hytaý sungatynyň bu nusgawy görnüşi 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, häzirki wagta çenli diňe bir hytaý däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň çeperçilik we beýan edijilik gymmatyny hem saklap gelýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....