Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

  • 31.10.2023 13:26
  • 11k+

28-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär.

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygy beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, oňa iki ýurduň şahyrlarydyr ýazyjylary, medeniýet we ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.
Çäre başlanmazdan öň Daşkent şäherinde ýerleşýän «Ýazyjylar seýilgähine» gezelenç guraldy. Bu ýere ýygnananlara seýilgähiň taryhy hem-de onda döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berildi.
Tanyşlygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy muzeýiň ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň mejlisler zalynda iki ýurtdan wekilleriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çykyş edenler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny nygtadylar.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....