Werstappen Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanyp, Formula-1-iň rekordyny täzeledi

  • 30.10.2023 16:06
  • 5.5k+

“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi “Formula-1” çempionatynyň 20-nji tapgyry bolan Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş doganlar Rodriges adyndaky awtodromda geçirildi.

Tapgyrdaky ýeňiş dünýäniň üç gezek çempiony üçin möwsümde 16-njy boldy. Niderlandly türgen bu görkeziji boýunça rekordy täzeledi. 2022-nji ýylda ol 15 ýeňiş gazandy. Ikinji orny “Mersedesiň” britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton eýeledi (yza galyş 13,875 sekunt). Üçünji bolup pellehana “Ferrariden” Şarl Lekler geldi (+23,124).
Bularyň yzyndan ilkinji onlukda ýerleşdi: 4. Karlos Saýns (“Ferrari”, +27,154); 5. Lando Norris (“Maklaren”, +33,266); 6. Jorj Rassell (“Mersedes”, +41,020); 7. Daniel Rikkýardo (“Alfa Tauri”, +41,570); 8. Oskar Piastri (“Maklaren”, +43,104); 9. Aleksander Albon (“Williams”, +48,573); 10. Esteban Okon (“Alpin”, +1.02,879).
Indiki tapgyr 3-5-nji noýabrda Braziliýada geçiriler.


düýn 07:51
3.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....