Microsoft 27 ýyl öň çykan Windows CE-niň goldawyny doly bes etdi

  • 30.10.2023 15:03
  • 3.6k+

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda nusgawy Windows CE operasion sistemasy işjeňligini ýitirdi diýip, ixbt.com habar berýär. Bu OS 1996-njy ýylda Windows 95-iň ýeňilleşdirilen wersiýasy hökmünde hödürlenipdi.

Windows CE kem-kemden jübi ŞK, kalkulýatorlar, smartfonlar we içerki ulgamlar üçin niýetlenen özbaşdak OS-a öwrüldi. Ol adaty Windows operasion sistemasynyň NT ýadrosynyň deregine öz CE ýadrosyny aldy.
Microsoft 2008-nji ýylda Windows CE adyny Windows Embedded Compact diýip üýtgetdi. Iň soňky wersiýa 2013-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykan Windows Embedded Compact 2013 (Windows CE 8.0) boldy.  
Bu wersiýanyň esasy goldawy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda, giňeldilen goldawy bolsa 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlandy. Ahyrynda, ol goldanylmaýan könelen önüm bolup galdy.


17.03.2026 20:39
711

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...