Türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň jemleri jemlenildi

  • 30.10.2023 12:58
  • 12k+

29-njy oktýabrda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Şunlukda, ýeňijilere — “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen “Türkmen alabaýy” atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby B.Artykowa “Türkmeniň guwanjy — asyrlaryň buýsanjy” atly surat eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby S.Jumadurdyýewa “Wepaly maşgala” atly heýkel eseri; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri M.Ataberdiýewa “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnalyň bezeg işleri; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Wepadar” atly wideoşekili üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......