4-nji noýabrda Türkmenistanyň ähli ýerinde bag ekmek dabarasy geçiriler

  • 29.10.2023 13:39
  • 9.5k+

Geljek hepde 4-nji noýabrda Türkmenistanda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresi — ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bag nahallaryny hem-de olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. 
Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. 


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......