Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Magtymgula bagyşlanan döredijilikli çäre geçirildi

  • 28.10.2023 17:29
  • 13k+

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas  ummany — Magtymguly Pyragy» atly döredijilikli çäre geçirildi.

Bu çärede Magtymgulynyň ömri, döredijiligi, watançylyk, edep-terbiýe öwüt-nesihatlary, goşgularyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar, çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýewyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Bäşim Ýolamanowyň ýerine ýetirmegindäki aýdymlar eşitdirildi.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Oguzlar döredijilik toparynyň talyplary döredijilikli çykyşlary, aýdymdyr tanslary ýerine ýetirdiler.

 


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......