Transfermarkt dünýäniň iň gymmat 10 futbol ligasy mälim etdi

  • 28.10.2023 15:59
  • 10k+

Transfermarkt internet portaly öz telegram kanalynda klublaryň düzümleriniň umumy bahasyna görä, dünýäniň iň gymmat futbol ligalarynyň sanawyny neşir etdi. Bu sanawda Angliýanyň premýer-ligasy arany ynamly açmak  bilen birinji ýeri eýeledi; ilkinji üçlüge Ispaniýanyň La Ligasy we Italiýanyň Seriýasy A-sy girdi.

Dünýäniň iň gymmat 10 futbol ligasy: 

  1. Premýer-liga (Angliýa) – 11,04 milliard ýewro.
  2. La Liga (Ispaniýa) - 4,77 milliard ýewro.
  3. Seriýa A (Italiýa) - 4,71 milliard ýewro.
  4. Bundesliga (Germaniýa) - 4,31 milliard ýewro.
  5. Liga 1 (Fransiýa) - 3,68 milliard ýewro.
  6. Seriýa A (Braziliýa) -  1,44 milliard ýewro.
  7. Primeýra (Portugaliýa) - 1,35 milliard ýewro.
  8. MLS (ABŞ) - 1,27 milliard ýewro.
  9. Superliga (Türkiye) - 1,15 milliard ýewro.
  10. Pro-Ligasy (Saud Arabystany) - 1,07 milliard ýewro.

Owal Transfermarkt dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň ýygyndysyny hödürläpdi.


düýn 20:02
7.2k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5.5k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.2k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.8k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......