“Türkmenbaşy” deňiz portunyň artykmaçlyklary we mümkinçilikleri Özbegistandaky sergide görkeziler

  • 28.10.2023 15:32
  • 8.1k+

1-nji noýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Daşkentde “Ulag we logistika – TransLogistica Uzbekistan 2023” atly 19-njy halkara sergisi geçiriler we onda ulag pudagynyň gazanan üstünlikleri, innowasion tehnologiýalary we çözgütleri görkeziler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr”  elektron neşiri habar berýär.

Bu çärä 15 ýurtdan, şol sanda Azerbaýjandan, Belarus Respublikasyndan, Germaniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan, Litwadan, BAE-den, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan, Şweýsariýadan hem-de Türkmenistandan ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
TransLogistica Uzbekistan ulag bazarynyň öňdebaryjy wekillerini we halkara pudaklaýyn hünärmenleri bir ýere jemleýän täsirli meýdança bolup hyzmat edýär. Ol logistika ulgamlarynyň kämilleşmegine, ulag infrastrukturasynyň, IT-tehnologiýalarynyň, ulag serişdeleriniň we logistikanyň ösüşine, maýa goýumlary çekmäge, şeýle-de Merkezi Aziýa boýunça ýük gatnawlarynyň ösmegine ýardam edýär.
Sergi meýdançasynda gatnaşyjylar tehnologiýalaryň giň toplumy, önümler we dürli ulag görnüşleri bilen gatnawlar baradaky çözgütler bilen tanşyp bilerler. Ýewraziýanyň ulag geçelgelerinde möhüm halka bolan “Türkmenbaşy” halkara deňiz porty deňiz ýolagçylaryny we ýükleri daşamakda, üstaşyr ýükleri geçirmekde öz mümkinçiliklerini görkezer.
Serginiň çäklerinde ŞHG-niň forumy, YHG-niň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisi, Aviation and Logistics 2023 halkara awiasiýa forumy geçiriler. Forumlaryň iş programmasynda panel sessiýalary, metbugat maslahatlary we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. 


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
13k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......