Türkmenistanyň wise-premýeri H.Geldimyradow Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 27.10.2023 15:17
  • 8.8k+

Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ŞHG-a agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşan wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Duşuşykda gyrgyz Lideri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidi üçin netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly meýdançasy hökmünde çykyş edýändigini aýtdy.

«ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň şu günki mejlisinde ŞHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna we guramamyzyň ösüşiniň mundan beýläk-de güýçlenmegine möhüm goşant goşjak degişli kararlaryň we resminamalaryň kabul ediljekdigine ynanýaryn» diýip, Prezident Sadyr Žaparow aýtdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 26-njy oktýabrda Bişkekde geçirildi. 


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......