Günorta Koreýada suwy plastikden arassalaýan nanobotlar döredildi

  • 26.10.2023 14:41
  • 13k+

Günorta Koreýanyň alymlary «berlin mawysynyň» – giň ýaýran gök reňk pigmenetiniň esasynda mikroskopik robotlary döretdiler. Olar suwy plastik bölejiklerden arassalarlar.

Berlin mawy reňki birnäçe asyr bäri tanalýar. Onuň düzümine demir, uglerod we azot girýär. Milli ylym we tehnologiýalar barlag geňeşiniň topary kiçijik plastik böleklerini tutup bilýän gözenekli gurluşlary ýasamak üçin ulanylyp bilinjekdigini ýüze çykardy. Şeýle hem olara lazer şöhlesi gönükdirilse, belli bir ugra plastigi daşap bilýärler.
Alymlar boýagy metal-organiki çarçuwalara – özlerini plastik bölejiklere siňdirýän üç ölçegli polimer gurluşlaryna öwürdiler. Synaglaryň dowamynda nanorobotlar diametri 150 nanometre çenli plastik bölekleriniň 99%-ini üstünlikli tutmagy başardy. Olaryň görkezen netijesi suwdan plastigi aýyrmak üçin ulanylýan beýleki serişdelerden 250 esse gowy boldy. Şol bir wagtyň özünde, nanorobotlar adamlar üçin howpsuzdyr we iş gutarandan soň aňsatlyk bilen aýrylyp bilner.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......