«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» bäsleşiginiñ ikinji tapgyry geçirildi

  • 26.10.2023 13:29
  • 13k+

25-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binalar toplumynda«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry guramaçylykly geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky, şeýle-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen alabaýy» merkezlerinde ösdürilip ýetişdirilen arassa tohumly alabaýlaryň 20-si gatnaşdyryldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, emin agzalary alabaýlaryň daşky syn-sypatyna, meýdançada özüni alyp barşyna, eýesi tarapyndan berilýän buýruklary erkin we takyk ýerine ýetirişine, şeýle hem bellenilen ugur boýunça päsgelçiliklerden geçip bilmek ukybyna, işjeňligine baha berdiler. Şeýlelikde, jemleýji tapgyra 10 sany arassa tohumly alabaý seçilip alyndy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen hormatly ady hem-de göçme kubogy almak ugrundaky jemleýji bäsleşik 29-njy oktýabrda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralaryň guralýan ýeri bolan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň binalar toplumynda geçiriler.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....