Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Duşenbede halkara gurjak teatrlarynyň festiwalyna gatnaşýar

  • 25.10.2023 17:56
  • 7.2k+

24-nji oktýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, festiwalda türkmen talyplary «Baky rowaýat» spektaklyny görkezdiler. Bu spektakl türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen alabaýy» ýaly kitaplary esasynda goýuldy.
Türkmen talyplarynyň sahna oýny festiwala gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly ýurduň Hökümetiniň goldawy bilen Täjigistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýär. Onuň maksady – gurjak teatr sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmekden, gurjak teatryny ösdürmekden we dikeltmekden, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.
Türkmen talyplary üçin bu halkara festiwalda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Eýrandan gelen teatr kärdeşleriniň arasynda çykyş etmek diňe bir uly jogapkärçilik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sahna tejribelerini ösdürmek üçin möhüm ädim boldy.
«Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly 29-njy oktýabra çenli dowam eder.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

23.06.2026 20:58
10k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......