Türkmen talyplary Spelling Bee sebitleýin bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar

  • 25.10.2023 17:28
  • 9.9k+

Türkmenistandan talyplar dürs ýazuw boýunça Central Asian Spelling Bee atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar, olar bäsleşigiň milli tapgyrynda ýeňiji boldular.

Şu ýyl Duşanbede (Täjigistan) geçiriljek sebitleýin bäsleşige Türkmenistandan dört ýeňiji çagyryldy. Iňlis dilini gowy bilýänleriň geljekki duşuşygynda biziň ýurdumyza Halkara Ynsanperwer ylymlary we Ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň iki talyby, şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iki wekili wekilçilik eder.
Bäsleşigiň milli tapgyry ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleri bilen bilelikde geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň 20 ýokary okuw mekdebinden 70 talybyň gatnşmagynda geçirildi.
Bäsleşikde gatnaşyjylar iňlis dilini biliş derejelerini, dürs ýazuw başarnyklaryny, dilewarlyk ukyplaryny görkezmek mümkinçiligini aldylar.
Ýatlap geçsek, geçen ýyl Daşkentde (Özbegistan) geçirilen Central Asian Spelling Bee bäsleşiginde M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary, degişlilikde, 1-nji we 2-nji orunlary eýelediler.
Spelling Bee bäsleşigine her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe talyp gatnaşýar. Bäsleşik ýaşlaryň arasynda iňlis dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany artdyrmaga, dilden we ýazuw üsti sözleýiş başarnyklaryny kämilleşdirmäge, şeýle-de okaýanlaryň dil sowatlylygyny artdyrmaga we olaryň söz baýlygyny giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......