NASA Ýeriň golaýyndaky howply asteroidleri sanady

  • 22.10.2023 21:37
  • 16k+

Ýer planetasy üçin howply hasaplanýan, kosmosyň oňa golaý ýerinde 10,5 müň sany asteroid bar. NASA-nyň web sahypasyndaky habara görä, olaryň azyndan 50-si adamzadyň heläk bolmagyna sebäp bolup biler.

Häzirki wagtda ylma geljekde Ýer bilen çaknyşyp biljek 32 müň asteroid mälim. Olaryň 10,5 müň sanysynyň diametri 140 metr, şeýle ölçegleri bilen asman jisimi planeta uly zyýan ýetirip biler.
Alymlaryň pikiriçe, Ýere ýakyn kosmosda diametri bir kilometre ýetip bilýän 50 sany näbelli asteroid bar. Bu ululykdaky jisimler adamzadyň heläkçiligine sebäp bolup, ony ýom-ýok edip biler.
Emma maglumatlar henizem doly däl, şeýle howply asteroidleriň has köp bolmagy hem mümkin. Hünärmenler olaryň tebigy ýalpyldysynyň ýoklugy sebäpli, ýüze çykarmagyň mümkin däldigini düşündirýärler. Şeýlelik bilen, asman jisimleriniň barlygyny diňe olar Güne görä dogry ýagdaýda bolanlarynda bilip bolýar.


düýn 20:31
2.6k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....