NASA-da astronawtlyga dalaşgärleriň düzüminde ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy

  • 29.09.2025 08:56
  • 2.4k+

NASA 2025-nji ýylda astronawt bolmaga dalaş edýän 10 adamyň adyny yglan etdi. Agentligiň taryhynda ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy: alty zenan, dört erkek.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 8 müňden gowrak amerikaly arza tabşyrdy. Saýlanan dalaşgärler iki ýyl okar, şondan soň Ýere golaý orbita uçmaga, şeýle-de, Aý we Mars missiýalaryna gatnaşmaga dalaş edip biler.
Programmanyň iň ýaş gatnaşyjylary Nýu-Ýorkdan 34 ýaşly Imelda Mýuller we Kentukkiden Erin Owerkeş boldy.
Okuw dürli ugurlardan bolar. Geljekki astronawtlara robototehnika, geologiýa, kosmos lukmançylygy we fiziologiýa boýunça sapaklar, daşary ýurt dillerini öwrenmek we gury ýerde hem-de suwda diri galmak başarnyklaryny türgenleşdirmek garaşýar. Mundan başga-da, olar açyk kosmosa çykmaga taýýarlyk görer we reaktiw uçarlarda uçar.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....