Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal geçiriler

  • 22.10.2023 09:00
  • 10k+

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli  «Mukama siňen ömür» atly festiwaly guramak meýilleşdirilýär. BU barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi.

Ýurdumyzda täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ussat medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň sarpasy belentde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow kompozitor Nury Halmämmedowyň eserleriniň ýokary ussatlygyň nusgasy bolup durýandygyny, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň sanawyna, dünýäniň saz sungatynyň hazynasyna hemişelik girendigini belledi hem-de bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......