Lebap welaýatynda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy geçirildi

  • 20.10.2023 15:35
  • 17k+

16-njy oktýabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw baýlyklaryna täsiri bilen baglanyşykly ýaşlar konferensiýasy geçirildi. Ony Türkmenistanyň hökümeti Beýik Britaniýanyň ilçihanasy, BAE-niň we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde gurady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Maslahata BMG-niň dürli guramalarynyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň wekilleri, ilçihananyň ýokary derejeli işgärleri, şeýle hem 30 ýaşa çenli ýaşlar, ýaş ilçiler, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary, howanyň üýtgemegi boýunça hünärmenler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çekişmeleriň dowamynda çykyş eden ýaşlar «Durnukly suw dolandyryşyny gowulandyrmak arkaly oba hojalygynyň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak», «Durnukly we aýlawly sarp etmegi öňe sürmek», «Suw howpsuzlygy we netijeliligi» ýaly birnäçe gyzykly tema hödürlediler.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda howanyň üýtgemegi, suw baýlyklary, durnukly oba hojalygy we jogapkärçilikli sarp edilişiň arasyndaky baglanyşyk barada özboluşly pikirler beýan edildi.
Daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly mowzuklar aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahat howanyň üýtgemeginiň suw çeşmelerine edýän täsiri, şeýle hem daşky gurşaw biliminiň hemmeler üçin elýeterliligi ýurt we dünýä üçin çydamly geljek baradaky möhüm meseläni çözmek üçin gepleşikleri we hyzmatdaşlygy ösdürdi.
Ýaşlar konferensiýasynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplar konferensiýasynyň (COP 28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy geçirilýär. Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy geçirildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......