«Gyzyl kürte» filmi «Toji Somon» halkara film festiwalynda görkezildi

  • 20.10.2023 15:24
  • 13k+

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş kinorežissýorlar topary 15-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilen ilkinji «Toji Somon» film festiwalyna gatnaşdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Kino festiwalynyň maksady döredijilik ýaşlaryny goldamak, tejribe alyşmak, ýaş kinorežissýorlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, içerki we daşary ýurt filmlerini kinosöýüjilere hödürlemek, bilelikdäki taslamalary ösdürmek, kino pudagynda halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek bolup durýar.
Festiwala gatnaşmak üçin Ýewropadan, Aziýadan we GDA ýurtlaryndan gelen filmler iki bäsleşige - çeper we gysga metražly filmlere gatnaşdylar. Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» filmi çeper filmleriň bäsleşik maksatnamasyna goşuldy.
Kino festiwalynyň baýraklary iň gowy režissura, operatorlyk işi we aktýorlyk üçin berilýär. Festiwal günlerinde ussatlyk sapaklary, surat sergileri we kino boýunça okuw sapaklary hem geçirildi.
«Toji Somon» film festiwalynyň guramaçylary ony yzygiderli geçirmegi maksat edinýärler, ony indiki gezek 2025-nji ýylda geçirmegi meýilleşdirýärler.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......