Ýaponiýada ilkinji gezek emeli aňyň kömegi bilen döredilen gyzyň şekilini reklamada ulandylar

  • 20.10.2023 10:08
  • 13k+

AI-model kompaniýasy Ýaponiýada ilkinji gezek emeli aňyň kömegi bilen döredilen gyzyň şekiliniň meşhur gök çaýyň telemahabatynda ulanylandygyny mälim etdi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Metbugat habarnamasynda AI-model we Itoen kompaniýalarynyň Ýaponiýada ilkinji bolup “Oi-ocha ketekin-cha” gök çaýynyň telemahabatynda AI tarapyndan döredilen modeli ulanandygy aýdyldy.
Şeýle mahabatyň Ýaponiýada ilkinji hasaplanýandygy 2016-njy ýylyň 20-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 7-nji awgustyna çenli Ýaponiýanyň iň uly bäş teleýaýlymynda 1,017 million mahabat roliklerini öz içine alýan Telemahabatyň Umumy Meseleleri Barlag Instituty tarapyndan geçirilen gözleg bilen tassyklandy.
Kompaniýa modeliň emeli aň tarapyndan döredilendigini we dizaýner tarapyndan edilen düzedişleriň ujypsyzdygyny belleýär.


18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......