Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär

  • 19.10.2023 16:41
  • 6.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda soňky ýyllarda gazanylan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we açyklygyň derejesiniň ýokarydygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli, gyşarnyksyz we maksadaokgunly ösdürilýär.

«Biz bu hyzmatdaşlygy ösdürip we giňeldip, türkmen we hytaý halklarynyň dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk taryhy gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur hormat goýmagyna, iki döwletiň häzirki halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna daýanýarys» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny saklamaga hem-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar, derwaýys sebit meseleleriniň ençemesini çözmäge ýardam edýär, Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

«Türkmenistan Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk meýillidir, şeýle hem syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardyr» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......