Windows 11 OS 400 milliondan gowrak adam tarapyndan ulanylýar

  • 19.10.2023 15:12
  • 2.5k+

Windows Central neşiriniň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Windows 11 operasion sistemasy 400 milliondan gowrak işjeň enjamda gurnaldy. Bu tas ýarym milliard adamyň operasion sistemadan hemişelik esasda peýdalanýandygyny aňladýar. Bu netijä ýetmek üçin sistema 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda çykanyndan bäri, takmynan, iki ýyl gerek boldy diýip, championat.com belleýär.

Windows Central neşiri Windows 11-iň meşhurlygynyň ösüş depgininiň Windows 10-a garanda birneme pesdigini belleýär, şeýle-de bolsa Microsoft bu operasion sistemanyň görkezijilerinden hoşal.
Operasion sistema kompaniýa üçin üç sany möhüm maksada ýetmegi başardy, ýöne bu maksatlaryň nähilidigi belli däl.
Korporasiýa 2024-nji ýylyň başynda Windows 11 operasion sistemasyny 500-e golaý adamyň ulanmagyna garaşýar. Deňeşdirmek üçin: Windows 10 2020-nji ýylda 1 mlrd işjeň gurluş görkezijisine ýetdi. 


17.03.2026 20:39
711

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...