Türkmenistanda Italiýanyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

  • 18.10.2023 18:35
  • 6.1k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda agrosenagat tehnikasy we enjamlaşdyryş, azyk senagaty we gaplama senagaty boýunça türkmen-italýan tehnologiki seminary geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Oňa Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Italiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Luijio Ferrari, Stambuldaky ITA müdiri Rikkardo Landi, Italiýanyň FBR ELPO, RICCIARELLI, RIMA GROUP, RINIERI SRL, VIGNETINOX ýaly kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Şeýle-de, duşuşyga Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdy.
Luiji Ferrari öz çykyşynda bu çäräniň italiýaly we türkmenistanly telekeçiler üçin biznesiň bar bolan artykmaçlyklaryndan ýokary derejede peýdalanar ýaly iň amatly hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiligine eýe bolmak üçin öz garaýyşlary we meýilnamalary bilen paýlaşar ýaly möhüm platformadygyny belledi.
Seminarda Italiýanyň hususy pudagynyň wekilleri-de çykyş edip, türkmenistanly kärdeşlerini öz kompaniýalarynyň işleri bilen tanyşdyrdylar. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Italiýanyň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......