Toplumy düzüjiler bilen bagly näsazlyk sebäpli Toyota-nyň alty zawodynda gurnama işleri togtadyldy

  • 18.10.2023 12:45
  • 20k+

Toyota Motor kompaniýasy toplumy düzüjileriň iberilmegi bilen bagly näsazlyklar sebäpli Ýaponiýadaky alty zawodynda 10 sany gurnama hatarynyň işini wagtlaýyn togtatdy. Näsazlyklar toplumy düzüjileri taýýarlaýjy kärhanada bolan partlamadan soň ýüze çykdy diýip, Kyodo habarlar agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Onuň maglumatlaryna görä, hatarlar 17-nji oktýabrda togtadylar. Olaryň işini gaýtadan dikeltmek baradaky çözgüdi ýakyn günlerde goşmaça kabul etmek göz öňünde tutulýar. Kömekçi kärhanada partlama 16-njy oktýabrda bolup geçdi. Iki işgär şikes aldy, olaryň biri hassahana ýerleşdirildi. Häzirki wagtda partlamanyň sebäpleri derňelýär.
Hadysanyň netijesinde Honsýu adasynyň merkezi bölegindäki Aýti we Mie prefekturalarynda ýerleşýän alty zawodyň işi togtadyldy diýen ýaly. Toplumy düzüjileri öndüriji kärhana Aýti prefekturasynda ýerleşýär. Toyota-nyň ýurduň çäginde 14 gurnama kärhanasy bar, olaryň önümi eksporta hem iberilýär. Togtadylan zawodlarda Toyota Land Cruiser we RAV4 ýaly modeller çykarylýar.
Toyota şu ýylyň birinji ýarymynda dünýäde 5,6 milliondan gowrak awtomobil öndürdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçilik 10,3% ýokarlandy. 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda kompaniýa 5,4 milliondan gowrak awtomobil satdy. Bu görkeziji boýunça ol eýýäm yzygiderli dördünji ýyl dünýäde birinji orny eýeleýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......