TÜRKSOÝ-yň Hemişelik Geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

  • 16.10.2023 17:27
  • 9.5k+

Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik Geňeşiniň 41-nji mejlisi 2024-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçiriler.

Degişli karar TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik Geňeşiniň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen 40-njy mejlisinde kabul edildi.
Iki günlük duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Azertag habar berýär.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli, TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew we TÜRKSOÝ-yň agza döwletleriniň wekilleriniň kabul eden resminamalaryna gol çekildi.


19.06.2026 11:22
4.2k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......