Ferrari öz sport awtoulaglaryny kriptowalýuta satyp başlady

  • 16.10.2023 12:22
  • 7.6k+

Ferrari-niň marketing we satuwlar boýunça müdiri Enriko Galliera salgylanýan   Reuters habarlar gullugynyň habar berşi ýaly, sport awtoulag öndürijisi öz awtoulaglary üçin kriptowalýuta töleglerini kabul etmek kararyna geldi. Ilki ABŞ-yň, soňra bolsa Ýewropanyň ilaty Ferrariniň bahasyny “kriptoda” töläp bilerler.

Top-menejeriň bellemegine görä, kriptowalýuta gazanmaga bolan çemeleşmeler indi üýtgedi: täze programma üpjünçiliginiň ornaşdyrylmagy we täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň has giňden ulanylmagy sebäpli kriptowalýutalar has “ýaşyl” boldy, indi olar, ozal bolşy ýaly, uly mukdarda kömürturşy gazyny çykarmaýar.
Enriko Gallieranyň aýdyşy ýaly, Ferrari -niň 2030-njy ýyla çenli ulagyň gymmatynyň tutuş zynjyrynda uglerod bitaraplygyny gazanmak maksady bar we kriptowalýuta bilen hasaplaşmak uzak möhletli maksatlaryna laýyk gelýän ýaly.
Emma bu diňe bir sebäbi. Ýöne iň möhümi däl bolsa gerek: Ferrari -niň wekili, kriptowalýutany töleg hökmünde kabul etmek kararyna Ferrari -niň müşderileriniň köpüsiniň kriptowalýutada maýa goýandygy sebäpli, bazaryň we söwda dellallarynyň isleglerine jogap hökmünde kabul edilendigini aýtdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......