Ýewropanyň Arte teleýaýlymy Türkmenistanyň gadymy hazynalary barada film görkezer

  • 16.10.2023 00:08
  • 22k+

Ýewropada ýaýlyma berilýän Arte nemes-fransuz teleýaýlymy 22-nji oktýabrda “Çöl çägelerindäki hazynalar – Türkmenistanyň gadymy mirasy” filmini görkezer. Bu barada ORIENT habar berýär.

Bu film türkmen topragynyň özboluşly ýadygärliklerine, şol sanda gadymy dünýäniň iň kuwwatly merkezleriniň biri bolan Margiana bagyşlanýar. Margiana şalygy ösen Mesopotamiýa we Müsür siwilizasiýalary bilen bir wagtda gülläp ösen hem bolsa, ol asyrlarboýy ýatdan çykaryldy. Diňe ýaňy-ýakynda arheologlar Garagum çölüniň ortasynda, şol wagtky Goňurdepe paýtagtynda köşk binalaryny we ajaýyp hazynalary tapdylar.
Belläp geçsek, Merw we Köneürgenç şäherleri Nisa bilen bir hatarda ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä medeni mirasynyň obýektleri diýlip yglan edildi.
Bürünç asyryndan başlap, häzirki Türkmenistanyň çäklerinde kuwwatly imperiýalar nähili döräpdir? Alymlaryň gözlegleri olaryň ilatynyň Hindistan, Ural we Ortaýer deňzi bilen-de aragatnaşyk saklandygyny görkezýär. Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky ýüpek ýoly ençeme müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň iň möhüm söwda ýoly bolup, türkmen şäherlerini onuň taryhynda möhüm nokatlara öwürdi.
Ine, şularyň ählisi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek görkezilenden bäri Ýewropa ekranlarynda syýahat edýän germaniýaly dokumental film düşürijileriň “Çöl çägelerindäki hazynalar – Türkmenistanyň gadymy mirasy” filminde öz beýanyny tapýar.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......