Dünýäde iň gowy ekranly smartfon saýlandy

  • 15.10.2023 23:45
  • 18k+

«DxOMark-yň» hünärmenleri täze «Google Pixel 8» we «8 Pro» flagman smartfonlarynyň displeýlerine berlen bahalaryň netijelerini paýlaşdylar. Iki model hem ajaýyp netijeleri görkezdi we synag edilen enjamlaryň sanawynda «Samsung», «Apple» we «Xiaomi» ýaly bäsdeşlerinden öňe geçdi.

«DxOMark-yň» pikiriçe, enjamlaryň ikisiniň ekranynda-da ajaýyp reňk geçirilişi, dürli yşyklandyryş şertlerinde hem gowy okalyş mümkinçiligi, ýokary hilli «HDR10» wideo işlenişi, şeýle hem ýokary durulyk we duýgurlyk bar.
Şeýle-de bolsa, olaryň käbir kemçilikleri hem bar: pes ýagtylykda garaňky ýerlerde detallary ýitirmek, enjam bilen işlenende ekrana tötänleýin degilse hem basylmak we oýunlarda göze dürtülip duran aliasing (şekiliň birdenkä üýtgemegi).
«Pixel 8 Pro» «DxOMark-yň» sanawynda 154 ball alyp, bu kategoriýada iň gowusy boldy. «Pixel 8» ekranynyň biraz ýönekeýligine we dinamiki täzeleniş ýygylygynyň bolmazlygyna garamazdan, şonuň ýaly ball aldy.
«Pixel 8 Pro» flagmany 2992x1344 durulygy, iň ýokary ýagtylygy 2400 nit we 120 Hz (LTPO) adaptiw täzelenme tizligi bolan 6,7 ​​dýuýmlyk OLED ekran bilen üpjün edilendir. Adaty «Pixel 8» bolsa 2400x1080 durulygy, iň ýokary ýagtylygy 2000 nit we 120 Hz täzelenme tizligi bolan 6,2 dýuýmlyk OLED ekrany aldy.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...